Türkmenabat şäherinde sanitar dikuçarlary üçin meýdançasy bolan lukmançylyk merkezi ulanyşa girizildi

Türkmenabat şäherinde sanitar dikuçarlary üçin meýdançasy bolan lukmançylyk merkezi ulanyşa girizildi

В Туркменабате открылся медицинский центр с площадкой для санитарных вертолетов

2018-nji ýylyň iýul aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň uly şäherleriniň biri bolan Türkmenabat şäherinde ajaýyp köpugurly lukmançylyk merkezi ulanyşa berildi.Bu günki günde ol tutuş Merkezi Aziýanyň iň uly hassahanasy hasaplanylýar. Bu merkez, ýeke öz raýatlary üçin niýetlenmäni, eýsem daşary ýurtdan, hususanam, Owganystandannäsaglary kabul etmek üçin hem niýetlendirilen.

Uly köpugurly toplumynyň 47 000 müň inedördül metr meýdany bolup, oňa, lukmançylyk işgärleri üçin niýetlendirilen uly ýaşaýyş jaý toplumy ýanaşyp dur. Bu lukmançylyk merkezinde hassahana ulanyşa berlen, ýokanç keselleri hassahanasy hem işe girizilen we hatda sanitar awiasiýasynyň howa gämileri üçin gonuş meýdany hem bar.

Esasy binasy bäş gatdan ybarat bolup, onuň sygymy – 676 näsag bolup durýar. Bu ýerde reanimasiýa bölümi ýerleşýär, gaýragoýulmasyz kömek hem göz öňüne tutulan, döwük-ýenjik nokady we başga-da şuňa meňzeş zerur bölümleri hereket edýär.

Giň dikuçar meýdançasy, zerurçylyk ýüze çykan ýagdaýynda sanitar awiasiýasynyň dikuçarlaryny herekete girizmäge mümkinçilik berýär. Bu toplum aragatnaşygyň otag görnüşli ulgamyny ulanmak mümkinçiligi bilen üpjün edilen, şeýle-de hem näsaglaryň isleglerine dessine hyzmat etmek üçin döwrebap aragatnaşyk enjamlaryny ulanmaga mümkinçilik bar.

Täze lukmançylyk toplumy – Türkmenistanyň iň uly, häzirki zaman, döwrebap üpjünçiligi bolan lukmançylyk merkezi.

 

Читайте также  На шаг ближе к тканевой регенерации у млекопитающих
admin

Comments are closed.