Rusýanyň sanitar awiasiýasy: onuň kämilleşmeginiň mümkinçilikleri

Rusýanyň sanitar awiasiýasy: onuň kämilleşmeginiň mümkinçilikleri

Санитарная авиация в России: перспективы развития

Rusýadaky lukmançylyk awiasiýasy – ýeterli derejede çalt depginde ösüp barýan pudak bolup durýar. Onuň hereket eden öňki ulgamy eýýam köneldi we diýmek üýtgeşmele hem wagt boldy.

Rusýanyň lukmançylyk awiasiýasynyň gelejegi we onuň ösüş usuly nähili bolarka? Bu günki ýagdaýy üýtgetmek üçin nämeler etmeli? Geliň hünärmenleriň pikirini diňläliň.

Döwlet proekti

Häzirki wagtda Rusýa Federasiýasynda “Sanitar awiasiýasynyň kämilleşmegi” atly taslama amala aşyrylýar. Ol gysga wagtyň içinde pudaklaýyn aktual meselelrini çözmek üçin niýetlenen. Ilki bilen ulgamyň işiniň sazlaşygyny ýola goýmaly. Munuň üçin lukmançylyk we awiasiýa tehnikasyny öndürijileri, awiadaşaýjylaryň wekilleri, şeýle-de lukmanlar we araçy kompaniýalary biri-biri bilen habardar bolup iş alyp barmaly. Bu barada döwlet programmasyny durmuşa geçirmek prosesi boýunça iş alyp barýan hünärmenleri yzygider ýatladýarlar.

Rusýanyň Senagat Ministrliginiň söwda awiasenagat departamentiniň direktory, Sergeý Ýemelýanowyň aýtmagyna görä, döwlet programmasy 2019-njy ýylda durmuşa geçirilmeli. Ekspertiň anyklamagyna görä, Rus hökümeti bu proekti amala aşyrmak üçin 3.3 milliard rubl sarp etdi, bu bolsa Rusýanyň sanitar awiasiýasynyň ýokary hilli kämilleşmegi üçin edilen çykdajylarynyň 90 % tutýar.

Hususanda, 2018-nji ýylyň ahyryna, sanitar awiasiýasyna “Rusýanyň dikuçarlary” kompaniýasy tarapyndan Mi-8/17 we “Ansat”atly 59 sany dikuçarlaryň berilmegi garaşylýar. Gowy tarapy, bu rus öndürijileriniň uçarlarynyň saýlanylmagy – bu akyl ýetirip edilen saýlaw, sebäbi bu uçarlary, biziň tutýan meýdanymyzyň aýratynlyklaryny hasaba alanyňda, ulanmak üçiniň amatly görnüşi bolup durýar.

Uçuş-tehniki düzüminiň eýýam bu dikuçarlarynyň gurluşy bilen tanyşdygy bize mälim, diýmek ony öwrenmwk üçin artykmaç wagt sarp etmegiň geregi ýok. Öz döwletimiziň dikuçarlaryna tehniki taýdan hyzmat etmegini ýurduň islendik welaýatynda amala aşyryp bolýandygy hem aktual bolup durýar. Bu biziň awiaparkymyzy iş ýagdaýynda saklamak üçin ýardam edýär.

Санитарная авиация в России: перспективы развития

Meýilnama nämeler degişli

Читайте также  Изобретена ультразвуковая контрацепция

Ýurdumyzyň sanitar awiasiýasyny ösdürmek barada döwlet proekti, lukmançylyk howa gämileriniň parkyny täzelemek we ösdürmek, sanitar meýdanlaryny gurmak üçin gönükdirilen proseduralaryň tutuş toplumyny göz öňüne tutýar. Mundan başga-da proektiň işiniň barşynda hünärmenler normatiw-hukuk bazasyny dörederler, bu bolsa Rusýada sanitar awiasiýasynyň ösüşinde wajyp döwrüne öwrüler.

Işgärleri taýýarlamak mehanizmi, hyzmat ediş lukmançylyk howa gämileri, tehniki kynçylyklary ýok etmek, taktiki detallarynyň işlenilmegi ýaly ugurlary işläp taýýarlamak hem meýilleşdirilýär.

Bu döwlet proekti, ähli Rusýada hereket etjek, uzak wagt garaşylan ýeketäk lukmançylyk awiasiýasy standartynyň ýola goýulmagyna getirer diýip garaşylýar.

admin

Comments are closed.