Gazagystanyň sanitar awiasiýasy bäbekleriň janyny halas edýär

Gazagystanyň sanitar awiasiýasy bäbekleriň janyny halas edýär

Gazagystanyň sanitar awiasiýasy bäbekleriň janyny halas edýär

2018-nji ýylyň ýanwar – iýun aýlary aralygynda Gazagystan Respublikasynda sanitar awiasiýasynyň howa gämilerinde 150 sany bäbegiň janyny halas edip bildiler.

Saglygy goraýyş Ministrliginiň anyklamagyna görä: geçen ýylda jemi 450-den gowrak sany kiçijek näsaglara lukmançylyk awiasiýasy hyzmaty berildi. Käbir çagalaryň agramynyň bir kilograma hem ýetmeýändigini bellemek gerek.

Sanitar awiasiýasynyň howa gämileri şu ýylyň birinji ýarymýyllygynda, Gazagystan Respublikasynyň çäginde 982 sany uçuşy amala aşyrdylar. Lukmanlar 1072 sany näsaga ýardam berdiler.

Санитарная авиация Казахстана спасает жизни младенцев

Täze dünýä inen çagalaryň awiadaşamasy aýratyn usulda amala aşyrylýar: munuň üçin howa gämisinde ýörite enjamlary gurnalýar. Hususan-da, olary, awtomatlaşdyrylan ýagdaýda kislorod bermegi bilen üpjün edýän, ýokary tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edýärler. Mundan başga-da howa gämisiniň bortunda, çaga üçin laýyk bolan, hemişelik temperaturany saklaýarlar. Eger-de möhletinden öň dogulan çaga barada gürrüň edilýän bolsa, lukmanlar esasy güýjüni çaganyň dem alyşyny we ýürek urşuny saklamak üçin sarp edýärler.

Statistika barada aýtsak: 2018 – nji ýylyň ilkinji ýarymýyllygynda sanitar awiasiýasynyň howa gämileri 17.3 % täze dünýä inen patologiýasy bolan çagalary daşadylar (näsag çagalaryň umumy daşalan sanyndan)

 

Читайте также  Takeda достигла предварительного соглашения о приобретении Shire
admin

Comments are closed.