Sanitar awiasiýasynyň bähbitli taraplary

Sanitar awiasiýasynyň bähbitli taraplary

Преимущества санитарной авиации

Lukmançylyk awiasiýasynyň bähbitli taraplary hemmelere mälim bolsa gerek. Muňa garamazdan, biz onuň üçin aýratyn bir bölümi bagyş edip, lukmançylyk uçarlarynda uçmagyň esasy bähbitli taraplary barada aýdyp geçmegi makul bildik.

Tizlik

Sanitar gatnawynyň esasy artykmaçlygy bu onuň tizligi bolup durýar. Iň çalt bolan – awiasiýa ulagynyň kömegi bilen lukmanlar gysga wagtyň içinde heläkçilik bolan ýerine gelip ejir çeken adamlaryna ilkinji kömegi bermäge ýetişýärler.

Mundan başga-da sanitar awiasiýanyň uçarlary, näsagy gysga wagtyň içinde gerekli bejergini berjek lukmançylyk merkezine eltmäge mümkinçilik berýär.

Преимущества санитарной авиации

Uzak ýerlerine hem barmak mümkinçiligi

Lukmançylyk dikuçarynda (uçarda), ulagyň başga görnüşinde baryp we heläk bolany halas edip bolmajak, dünýäniň iň daş künjeklerine hem baryp bolýar.

 

Üpjünçilik

Sanitar awiasiýasynyň howa gämileri, ýaşaýyş üçin ähmiýetli bolan, göni uçuş wagtynda zerur ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin ýörite enjamlar bilen üpjün edilen. Howa gämisiniň bortunda adatça intensiw terapiýa blogy, öýkeni emeli ýagdaýda wentilýasiýa edýän enjem, nosilka, derman-därileri bolýar. Uçarda ýa-da dikuçarda hökmany suratda daşamak prosesine ýolbaşçylyk edýän we ýerine ýetirilmeli işleriň taktikasyny kesgitleýän lukman bolýar.

Sanitar awiasiýasy, her bir minudyň adamzat durmuşyna barabar bolan ýagdaýynda size hökman kömege ýetişýär. Hut şonuň üçin hem, eger-de adamynyň saglygy barada gürrüň edilýän bolsa, serişdeleriňizi hiç tygşytlamaly däl, sebäbi saglyk – bu biziň bar bolan esasy zadymyz – esasy baýlygymyzdyr.

 

 

Читайте также  Десятки миллионов людей во всем мире можно спасти от слепоты
admin

Comments are closed.