Altaýda Mi-8 dikuçary sanitar awiasiýasynyň ulanyşyna berildi

Altaýda Mi-8 dikuçary sanitar awiasiýasynyň ulanyşyna berildi

На Алтае на службу санитарной авиации поступил вертолет Ми-8

Altaý Respublikasynda, uzak wagtlap garaşylan täzeligi jemgyýetçilige mälim boldy: ol ýerde 2016 ýylda öndürilen, Mi-8 dikuçary lukmançylyk awiasiýasynyň hyzmatyna berildi. Bu, ýurduň çäginde sanitar awiasiýasyny ösdürmek barada döwlet meýilnamasy sebäpli mümkin boldy.

Howa gämisi, zerurçylygy ýüze çykan ýagdaýynda howada näsaga gerekli bolan ähli lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlendirilen, döwrebap lukmançylyk moduli bilen enjamlaşdyrylan. Bu modul bir ýolagçynyň däl-de iki ýolagçynyň saglygyny we janyny halas etmäge mümkinçilik berýär.

Bu moduliň öz içine alýan enjamlary: reanimasiýa apparaturasyny, intensiw terapiýa geçirmek üçin toplumy, şeýle-de hem näsagyň saglyk ýagdaýyna yzygider seretmek üçin toplumy.

На Алтае на службу санитарной авиации поступил вертолет Ми-8

Altaýdaky sanitar awiasiýasy

Altaý Respublikasy Rusýanyň beýleki sebitleri hatarynda federal programmasyna gatnaşýar. Bu meýilnamanyň çäginde, ýurduň barmasy kyn bolan ýerlerindäki ýaşaýjylaryna wagtynda lukmançylyk kömegini bermek usulyny kämilleşdirmek meýilleşdirilýär.

Читайте также:  В Якутии появятся 5 вертолетов Ми-8 с медицинским модулем

Bu proekt 2017-nji ýylda amala aşyryldy. Geçen ýylyň dowamynda Respublikada 175 sany gatnaw amala aşyryldy, 282 sany ejir çekenleri heläkçilik zolagyndan çykaryp, halas edildi. Halas edilenleriň arasynda insult we infarkt geçiren näsaglary, şikeslenen adamlary, çaga dogurýan aýallary hem bardy.

2018-nji ýylda (ýanwardan iýuna çenli aralygy agzalýar) Altaý sanitar hyzmaty 47 gezek raýatlaryň zerurçylygy boýunça uçuşlary amala aşyrdy we 72 sany ýerli ilatyna ýardam edildi, olaryň arasynda çagalar hem bardy.

Öň Altaý lukmançylyk awiasiýasynyň mümkinçilikleriniň has pes bolanyny bellemek gerek. Birinjiden, bortda ýörite enjamlary ýokdy – derman – därileri ýanyň bilen almalydy, bu bolsa işi kynlaşdyrýardy. Ikinjiden, hyzmatlaryň bahasy gaty gymmat. Bu gün bolsa bu ýagdaýlar düýbinden gowy tarapa üýtgedi.

Читайте также:  {:ru}Санитарная авиация Казахстана спасает жизни младенцев{:}{:ua}Санітарна авіація Казахстану рятує життя немовлят{:}{:en}Kazakhstan’s Air Ambulance Saves Infants' Lives{:}{:pl}Lotnicze pogotowie ratunkowe Kazachstanu ratuje życie noworodków{:}{:tr}Kazakistan’ın hava ambulansı bebeklerin hayatını kurtarıyor{:}{:fr}L’aviation sanitaire du Kazakhstan sauve la vie de nourrisson{:}{:it}L'aviazione sanitaria del Kazakistan salva le vite dei neonati{:}{:ar}الإسعاف الجوي الكازاخستاني ينقذ حياة الأطفال{:}{:by}Санітарная авіяцыя Казахстана ратуе жыцці немаўлятаў{:}{:tm}Gazagystanyň sanitar awiasiýasy bäbekleriň janyny halas edýär{:}{:kz}Қазақстанның санитариялық авиациясы сәбилердің өмірін құтқаруда{:}{:kg}Казакстандын санитардык авиациясы ымыркайлардын өмүрүн сактайт{:}{:uz}Қозоғистоннинг санитар авиацияси чақалоқлар ҳаётини сақлаб қолмоқда{:}{:tj}Авиатсияи санитарии Қазоқистон ҳаёти кӯдаконро наҷот медиҳад{:}{:am}Ղազախստանի բժշկական ավիացիան փրկում է երեխաների կյանքը{:}{:ge}ყაზახეთის სანიტარული ავიაცია იხსნის ჩვილების სიცოცხლეს{:}

Häzirki wagtda, Altaý sanitar awiasiýasy 190 sany ilatly nokadyna hyzmat edýär. Olaryň kyrkagolaýy bolsa barmasy kyn bolan zolaklarynda ýerleşýär.

admin

Comments are closed.