Rusýadaky lukmançylyk awiasiýasy

Rusýadaky lukmançylyk awiasiýasy

Медицинская авиация в России

Biziň ýurdumyzyň sanitar awiasiýasynyň taryhy watanymyzyň umumy taryhy bilen aýrylmaz bagly bolup durýar. Ol özüniň gözbaşyny öten asyryň 30 – njy ýyllaryndan alyp gaýdýar: şol döwürde SSSR-de lukmançylyk ýardamyny bermek maksady bilen ýokary kuwwatly howa gämilerini döretmek barada çynlakaý pikir etdiler.

 

Ikinji jahan urşy Rusýanyň sanitar awiasiýasynyň öňe gitmeginde ähmiýetli döwrür boldy. Emma bu pudagyň ösüşiniň ýokary derejesine uruşdan soňky ýyllarda ýetildi. Hut şu döwürde hem lukmançylyk maksatlarynda uçarlary däl-de dikuçarlary ulanylyp başlandy. Dikuçarlaryň iň bir bähbitli tarapy – olaryň barmasy kyn bolan ýerlerine hem barmak mümkinçiligine eýe bolmagy. Hakykatdan hem dikuçarlara uçuş-gonuş zolagy gerek däl, dikuçar howa menzilini hem göni hassahanalaryň ýanynda gurnamak mümkin bolýar. Elbetde uçarlardan hiç kim ýüz döndermedi – olar hem döwrebaplaşyp: ýük göterijiligi ýokarlandy, içki salony hem üýtgedildi: ony eýýam ýapyk görnüşine hem öwürdiler.

 

Statistika barada biraz aýtsak: 1968 – nji ýylda SSSR-de 164 sany hassana bardy. Olarda sanitar toparlary iş alyp baryp L-410 we An-2, Tu-104 we An-28 ýaly howa gämileri ulanylýardy. Mundan başga-da sowet lukmanlarynyň hyzmatynda Mi-2 dikuçary hem bardy.

 

XX asyryň ikinji ýarymynda sanitar awiasiýasy, eýýam SSSR-iň saglygy goraýyş Ministrliginiň garamagyna geçdi, 1994- nji ýyldan bolsa FR GÝ boýunça Mininstrliginiň düzümine dirizildi.

Häzirki döwürde lukmançylyk maksatlarynda Eurocopter uçarlary we Ka-226 dikuçarlary ulanylýar.

Медицинская авиация в России

Şu günki günde hem Rusýanyň lukmançylyk awiasiýasynda duş gelýän birnäçe meselelerini agzamak mümkin. Birinjiden, howa gämileriniň ulanylyşy gaty gymmat bolýar. Ikinjiden uçuşa rugsadyň alynmagynda birnäçe meseleler ýüze çykýar. Üçünjiden, käwagt infrastruktura hem oňaýsyz ýagdaýa getirýär. Mundan başga-da gije sanitar awiasiýasynyň howa gämilerine uçuşy gurnamakda hem meseleler ýüze çykýar: paýtagtda garaňky wagtda sanitar dikuçarlarynyň uçuşyny gurnamak mümkin däl.

Читайте также  Ученые борются с очередным смертельным вирусом

 

Bu meseleleriň tiz wagtda düzediljekdigine ynanasyň gelýär.

 

admin

Comments are closed.